Over 10 years we help companies reach their financial and branding goals. Maxbizz is a values-driven consulting agency dedicated.

Gallery

Contact

+1-800-456-478-23

411 University St, Seattle

maxbizz@mail.com

HJ “Akylly san” — Türkmenistanda hususy we döwlet ulgamlary üçin IT çözgütleriniň ösýän öndürijisi we üpjün edijisi. Işiň esasy ugrlary: maglumat howpsuzlygy, maglumat merkezleri, esasy IT infrastruktura, tor infrastruktura, aragatnaşyk merkezleri, gözegçilik we dolandyryş ulgamlary, inženerlik infrastruktura, bulut hyzmatlary.

Biz IT hyzmatlarynyň doly spektrini hödürleýäris: enjam satyn almagyndan, auditiň, dizaýnyň, maslahat bermegiň we goldaw bermegiň hyzmatlaryna çenli.

HJ “Akylly san” Türkmenistanda informasiýa tehnologiýalary bazarynda 3 ýyldan gowrak wagt bäri işläp gelýär. Biz 100-den gowrak programma üpjünçiligi we enjam üpjün edijileri bilen hyzmatdaşlyk edýäris, olaryň üpjün edilişi ygtyýarnamaly we halkara kepillikli.

Biz şu aşakdaky ugurlarda dizaýn etmek, üpjün etmek, integrasiýa etmek, durmuşa geçirmek we goldaw bermäge taýýaryz:

• Maglumat geçirmek torlary, tok ýitgisiz üpjünçilik, klima ulgamlary, modulyar çözgütler, wideo konferensiýalar we ş.m.;

• Kompýuterler, iş stansiýalary, laptoplar, monitorlar we periferik enjamlary;

• Wideo gözegçilik ulgamlary, wideo analiz, wideo kameralar we ş.m.;

• Serwerler we maglumat saklaýyş ulgamlary, şkaflar we şassiler;

• Programma üpjünçiligi we onuň ygtyýarnamasy.

Ylmy ulgamlar we bu IT ulgamlary gurluşyk desgalarynyň ilkinji tapgyrlarynda dizaýn edilip, hasaplanmalydyr, çünki senagat desgalarynda IT — gurama üçin ” beýnidir”.

Siziň ilkinji talabyňyza görä, biz IT öndürijileriň saýlanyşy, dizaýn we aýratynlyklar üçin tehniki şertnamalaryň taýýarlanylmagy, üpjünçilik, integrasiýa we durmuşa geçirme (dolandyryş ugurlary) hyzmatlaryny iň gysga wagtyň içinde hödürlemäge taýýar.